Nepalyň Premýer-ministri Awazadaky foruma gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

  • 03.08.2025 13:58
  • 5.4k+

3-nji awgustda Nepalyň Premýer-ministri Şarma Oli Türkmenistana sapar bilen geler. Ol Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak nepal wekiliýetine ýolbaşçylyk eder. Bu barada Nepalyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Premýer-ministr Şarma Oli maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan resmi çakylyk aldy diýlip, habarda bellenilýär.
Nepalyň Premýer-ministriniň maslahatda çykyş etmegi hem göz öňünde tutulýar.
Mundan başga-da, maslahat döwründe Şarma Oli dürli ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalaryň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklary geçirer.
Türkmenistanda saparda boljak wekiliýetiň düzüminden Premýer-ministriň ýanýoldaşy Radhika Şakýa, Premýer-ministriň baş geňeşçisi Bişnu Prasad Rimal, Federal Parlamentiň agzasy Surýa Bahadur Tapa Kşetri we beýleki ýokary derejeli döwlet resmileri hem orun alar.
Premýer-ministr Şarma Oli 8-nji awgustda Nepala dolanar.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......