Türkmenbaşy Halkara howa menzili BMG-niň foruma gelýän sargyt gatnawlaryny kabul edýär

  • 03.08.2025 14:04
  • 6.3k+

30-nji iýuldan başlap "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjak wekiliýet agzalary we myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menziline sargyt gatnawlary esasynda gelip başladylar. Bu barada "Türkmenhowaýollarynyň" saýtynda habar berilýär.

Ilkinji gatnawy Özbegistan öz howa gämisi arkaly amala aşyrdy. Şeýle hem, maslahata gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti geldi. Häzirki wagta çenli 3 sany sargyt gatnawy amala aşyryldy. Maslahat döwründe Türkmenbaşy Halkara howa menziline 30 sany sargyt gatnawynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Sargyt gatnawlaryndan başga-da «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň yzygiderli gatnawlary arkaly foruma iki müňden gowrak myhmanyň gelmegine garaşylýar.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......