Awazada LLDC 3 maslahatynda BMG-niň 2034-nji ýyla çenli hereketleriniň Maksatnamasy maslahatlaşylar

  • 03.08.2025 23:19
  • 6.3k+

Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda (LLDC 3) "2034-nji ýyla çenli BMG-niň Hereketleriniň Maksatnamasyna" aýratyn ähmiýet berler.

Bu maksatnama BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dekabr aýynda kabul edildi we bäş ileri tutulýan ugry öz içine alýar: gurluşyk taýdan özgertmeler, infrastruktura ösüşi, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi, sebit integrasiýasy we durnuklylygyň ýokarlandyrylmagy. Resminama bäş esasy başlangyç bilen berkidildi: global infrastruktura maýa goýum gaznasy, sebitleýin oba hojalyk ylmy-barlag merkezleri, BMG-niň ýokary derejeli geçelge azatlygy topary, sanly aragatnaşyk başlangyçlary we Bütindünýä Söwda Guramasynyň söwda boýunça iş maksatnamasy.
Maslahat deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň (DÇBÝ) öňünde duran esasy meseleleri, ilkinji nobatda — deňiz portlaryna elýeterliligiň çäklidigini çözmegi maksat edinýär. Guramaçylaryň maglumatyna görä, şeýle döwletlerde ulag çykdajylary 30% ýokary, ýükleriň daşalmagy bolsa, kenarýaka ýurtlara garanyňda, 35–45 gün dowam edýär. Kenarýaka döwletlerde bu 15–20 günüň dowamynda amala aşyrylýar.

Yklym ýurtlarynyň ykdysady görkezijileri hem ep-esli pesdir. Olaryň ýyllyk jemi içerki önüminiň ösüşi 2–3% derejesinde bolup, kenarýaka ýurtlarda bolsa bu görkeziji 4–5%-e ýetýär. Adam başyna düşýän JIÖ dünýä ortaçasyndan 40–60% az, olaryň dünýä söwdasyndaky paýy bolsa 1%-den hem az. DÇBÝ eksportynyň esasy bölegini çig mallar düzýär, olaryň paýy 80%-den ýokary. JIÖ-niň 17%-e çenli bölegi oba hojalygy toplumyndan emele gelýär, bu ýerde zähmete ukyply ilatyň ýarysyndan gowragy işleýär, bu bolsa daşarky bahalaryň üýtgemegine bolan durnuksyzlygy artdyrýar.
Şu babatda Merkezi Aziýa sebitde durnukly ösüşi görkezýär: soňky onýyllykda sebitiň ykdysadyýeti ýyllyk 6,2% ösüş gazandy, bu bolsa dünýä derejesindäki 2,6%-den ep-esli ýokarydyr. Sebitiň içindäki söwda dolanyşygy 4,5 esse, maýa goýumlar 2 esse, bilelikdäki kärhanalaryň sany bolsa 5 esse artdy.
Sebitdäki iri ulag taslamalarynyň hatarynda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy, Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Türkiýe geçelgesiniň ösüşi we Hazarüsti ulag geçelgesi bar. Energetika we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem Sebitleýin Bilelikdäki Bazar we Merkezi Aziýanyň maýa goýum geňeşiniň döredilmegi boýunça işler alnyp barylýar.

“Türkmenistan üçin bu maslahatyň geçirilmegi diplomatik taýdan möhüm waka bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň maksatlarynyň aýan edilmegidir” diýip, BMG-niň saýtynda bellenilýär. Onda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň sözleri berilýär: “Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarynda bu forumy kabul etmek biziň üçin buýsanç. Biz ähli myhmanlary Awazada garşylamak we bu herekete gönükdirilen, transformasion maslahatda gatnaşyjylary görmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary dünýä hyzmatdaşlygynyň merkezine çykarýar”.

Ýatlap geçsek, LLDC 3 forumy 5–8 awgust aralygynda Awazada geçiriler.


şu gün 00:27
4.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen Hytaýa bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi...

şu gün 00:11
1.4k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde CICA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň (CICA) Baş sekretary Kaýrat Sarybaý bilen gepleşikleri geçirdi...

düýn 15:58
5.8k+

Eýranyň ilçisi ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýranyň Aşgabatdaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna berlen ynsanperwer kömegi hem-de beýleki ýurtlardan gelýän ynsanperwer ýükleriniň bökdençsiz geçirilmegine beren ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi...

düýn 09:14
3.3k+

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi we forum açylýar

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli guralan sergi we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlaýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu waka mynasybetli çärä gatnaşyjylary gutlady diýip, TDH habar berýär...