Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy

  • 25.07.2025 09:17
  • 14k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, awgust aýynyň başynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary barada maglumat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow gämi arkaly ýüzüşiniň dowamynda deňiz giňişliginde tertip-düzgüniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýan gämileri synlap, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......