Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň guramaçylyk meselelerini maslahatlaşdy

  • 25.07.2025 09:23
  • 10k+

Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigini we onda bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda maslahata taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda, ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi aýdyldy.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we arassaçylyk işlerini ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirmäge zerur üns berilmelidigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň, hususan-da, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň wajypdygy aýdyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen bir hatarda, maslahaty we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Soňra iş maslahatyna gatnaşyjylar halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada ugrady.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......