Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

  • 31.07.2025 08:40
  • 10k+

30-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy.

Saparynyň barşynda döwlet Baştutany maslahatyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow toplumyň çäginde abadanlaşdyryş hem-de foruma gatnaşyjylar üçin ähli amatlyklary döretmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Serdar Berdimuhamedow öňde boljak halkara forumyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutany “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän medeni çäreleriň geçirilýän ýerine baryp gördi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan medeni diplomatiýanyň özeninde durýan parahatçylygyň, dostlugyň, özara düşünişmegiň we ynsanperwer ýörelgeleriň halklary ýakynlaşdyrýandygyny aýdyp, bu ýerde guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda degişli görkezmeleri berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda myhmanlary kabul etmek, olary halkymyzyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylamak bilen bagly geçirilen işler bilen hem tanyşdy.
Serdar Berdimuhamedow myhmanlary garşylamak meselesine aýratyn ähmiýet berip, oňa hemmetaraplaýyn jogapkärçilikli çemeleşmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutany Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza gaýdyp geldi.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......