Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň medeni çäreleriniň geçiriljek ýerini gözden geçirdi

  • 25.07.2025 09:10
  • 10k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine baryp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Bu ýerde awgust aýynyň başynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dürli medeni çäreleriň guralmagy meýilleşdirilýär.
Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginde dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar.

“Bu ýerde guraljak dabaralar ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dostlukly halklaryň medeniýetinde we sungatynda gazanylan üstünlikler bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam berer” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda alnyp barylýan işlere ylmy taýdan çemeleşilmelidigini hem-de türkmen halkynyň “Ýedi ölçäp, bir kes” diýlen pähiminden ugur alynmalydygyny belledi we öz maslahatlaryny berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow milli tagamlaryň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy.


20.06.2026 11:41
3.7k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......