Awazada geçiriljek BMG-niň maslahatynda dünýä derejesinde durmuş ugurly meselelere garalar

  • 31.07.2025 21:56
  • 13k+

Ilaty 570 milliondan geçýän, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar geografik ýerleşişi boýunça umumy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu meseleler olaryň beýleki ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsirini ýetirýär. Bu bolsa durmuş ugurly soraglaryň ýüze çykmagyna getirýär. 4 — 8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda bu ugurdaky meseleler hem-de olaryň çözgütleri ara alnyp maslahatlaşylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Awazada geçiriljek BMG-niň maslahaty syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly garaýyşlaryň, başlangyçlaryň, teklipleriň we ylalaşyklaryň meýdançasyna öwrüler. Maslahat durnukly ösüş ulgamynda anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşmak we işläp taýýarlamak, kämilleşdirilen ulag, sanly özara arabaglanyşyk arkaly ekologiýa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem beýleki ugurlarda döwletleriň mümkinçiliklerini açmak babatda örän uly ähmiýete eýe bolar.
Maslahatda garaljak meseleleriň hatarynda durnukly energetika üpjünçiligine hem möhüm orun degişlidir. Çünki dünýä möçberinde ýangyç-energetika toplumynyň üpjünçiligi ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu babatda, aýratyn-da, gazylyp alynýan baýlyklary rejeli, toplumlaýyn we daşky gurşawa zyýansyz ulanmaga häzirki döwürde halkara jemgyýetçilikde uly ähmiýet berilýär.

"Türkmenistanyň amatly geosyýasy we ösen ykdysady ýagdaýy, uglewodorodlaryň baý ýataklary ýurdumyzyň senagat önümleriniň we energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga şert döredýär. Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça gaz we nebithimiýa, energetika senagaty, gazyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça halkara taslamalar amala aşyrylýar. Tebigy gazyň, nebitiň düzümindäki uglewodorodlar diňe bir ýangyç serişdeleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, möhüm organiki we polimer materiallaryň dürli görnüşlerini öndürmek üçin çig mal hökmünde-de hyzmat edýär" diýip, makalanyň awtory Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Hojanepes Ýowjanow belleýär. 

Gaz geçirijileriň köpugurly ulgamyny döretmek, daşary ýurtlaryň üsti bilen uglewodorod serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Bu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmakda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar. 
Wodorod energetikasynyň çig maly hökmünde tebigy gazdaky metanyň ulanylyşy täze energetika pudagynyň döremegine getirer. Ýakyn geljekde uglewodorod çig mallarynyň esasynda köp sanly organiki maddalary öndürmek göz öňünde tutulýar. 
Öňde goýlan şeýle maksatlary amala aşyrmakda ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygy uly ähmiýete eýedir. Bu babatda Awazada geçiriljek maslahatda netijeli çäreler işlenip düzüler. Şeýlelikde, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar.


düýn 19:38
3.7k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......