Awazada geçiriljek BMG-niň halkara maslahatynyň (LLDC3) ýörite ykjam goşundysy işlenip düzüldi

  • 21.07.2025 14:07
  • 8.6k+

4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşjaklar üçin LLDC3 ykjam goşundysy işlenip düzüldi. Ol isleg bildirýänleri maslahat boýunça ähli zerur maglumatlar bilen üpjün etmäge niýetlenendir.

Ykjam goşundy birnäçe işleri ýerine ýetirýär. Onda maslahatyň maksatnamasy tanyşmak üçin hemişe elýeterlidir, ulanyjylar üýtgeşmeler barada möhüm habarnamalary alyp, çykyş edýänleriň terjimehalyny we maslahatlaryň jikme-jik tertibini gözden geçirip bilerler. Onuň içine oturdylan anyk karta bolsa maslahatyň geçýän ýerini giňişleýin açyp görkezýär, şeýle hem gatnaşyjylar barada maglumatlary özünde saklaýar. 
Göçme programmany iOS we Android ýerliklerinde gurnamak bolýar. Ony maslahatyň resmi saýtyndan QR-kody skanirläp ýüklemek bolýar.
Maslahatyň ýerine ýetirýän wezipelerine girmek üçin LLDC3 goşmaça programmany Apple App Store ýa-da Google Play Store-den ýükläniňizden soň, «Başla» düwmesine basmaly we maslahata ýazylmak üçin ulanan elektron poçta salgyňyzy girizip, «Dowam et» düwmesine basmaly. Hasaba alyş ýazgyňyzy işletmek üçin alan elekron hatyňyzy açmaly we ondaky salgylanma basmaly ýa-da gös-göni programmanyň özüne kod girizmeli.
LLDC3 programma öň oturdylan bolsa, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji konferensiýasyna girmek menýunyň «Ýene», ondan soň bolsa «Meniň beýleki işlerim» nokatlary arkaly amala aşyrylýar.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......