BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenbaşy şäherine geldi

  • 04.08.2025 00:33
  • 14k+

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretaryny türkmen topragyna gelmegi mynasybetli gutlady.
Öz gezeginde, A.Guterriş ýokary derejedäki maslahatyň Türkmenistanda geçirilmeginiň we özüniň oňa gatnaşmagynyň uly mertebedigini belledi.
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa maslahaty geçirmekde döredip beren şertleri üçin minnetdarlyk bildirdi.


14.05.2026 19:01
1.7k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......