Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen şertler bilen tanyşdy

  • 25.07.2025 08:47
  • 14k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.

Saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, bu forum awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşmaga geljek myhmanlara howa menzilinde ýokary hilli hyzmatlaryň üpjün edilmegi boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, öz maslahatlaryny berdi.
Häzirki wagtda myhmanlaryň Türkmenbaşy Halkara howa menziliniň pasportlary resmileşdirmek hem-de gümrük nokatlaryndan gysga wagtyň içinde geçmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek babatda möhüm işler amala aşyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna baryp, pasportlary resmileşdirmek nokadyndan geçdi. Soňra gümrük geçiş nokadyndan geçip, bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz howa menziline gelip gowşan hojalyk ugrunda ulanyljak täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýolugra howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine baryp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......