Türkmenistanyň ilçisi Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 19.07.2025 18:05
  • 6.7k+

17-nji iýulda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Pawel Utýupin bilen Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň möhümdigi nygtaldy.
Taraplar şeýle hem öňümizdäki saparlaryň we duşuşyklaryň meýilnamasyna, şol sanda halkara meýdançalaryndaky çäreleriň tertibine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 4–8 awgusty aralygynda Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň (LLDC3) üçünji maslahatynyň taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Belarusyň halkara başlangyçlaryny ilerletmekde meňzeş garaýyşlara eýedigini belläp, gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.


düýn 22:17
501

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
2.4k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......