Antoniu Guterreş BMG-niň forumyna gatnaşmak üçin Awaza geler

  • 03.08.2025 14:10
  • 5.7k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada BMG-niň resmi habarlar saýtynda habar berildi.

Çäre 5–8 awgust aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

“Saparynyň çäklerinde Baş sekretar Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen hem-de beýleki ýurtlaryň liderleri we resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer” diýlip, guramanyň habarynda aýdylýar.

Bu forum her on ýyldan bir gezek geçirilýär we deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 döwletiň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň çözgüdine gönükdirilendir. BMG-niň ýolbaşçysynyň şahsy gatnaşmagy bu möhüm halkara çäräniň ähmiýetini nygtaýar.
Statistika görä, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň söwda çykdajylary dünýäde orta görkezijisinden 74% ýokary, olaryň dünýä söwdasyndaky paýy bolsa bary-ýogy 1,2%-e barabar. Şu 32 ýurtdan 16-sy iň pes ösen döwletleriň hataryna girýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......