2.2k+

Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk iki ýurduň daşary syaýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň dowamy boldy...

5k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýa resmi sapar bilen barar. Işewürlik maslahatyna we Rimde serginiň açylyşyna gatnaşar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrar. Sapara taýýarlyk görlüşi barada wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler...

1.4k+

Hindistanyň täze ilçisi Raşid Meredowa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň daşary işler ministri ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi...

1.6k+

Türkmenistanyň we Kataryň DIM-niň ýolbaşçylary dekabrda Aşgabatda geçiriljek forumy maslahatlaşdylar

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler...

2.9k+

Raşid Meredow Ugandanyň, Malaýziýanyň we Eswatininiň daşary işler ministrleri bilen gürleşdi

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow üç ýurduň daşary işler ministrleri bilen — Ugandanyň daşary işler ministri Jeje Odongo, Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasan we Eswatiniň daşary işler ministri Folile Şakantu bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi...

6.3k+

Raşid Meredow Dohada Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşdy

15-nji sentýabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi...

5.6k+

Raşid Meredow Dohada adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşdy

14–15 sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin Dohada sapar bilen boldy...