Türkmenistanyň DIM-nde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

  • 19.10.2025 17:29
  • 3.2k+

17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine käbir wise-premýerler, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýyl üçin meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.
ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologik ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.
Mejlise gatnaşyjylara geoseýilgähleri döretmek işiniň yzygiderliligi, bu ugurda halkara tejribeler we gurama tarapyndan edilýän talaplar barada maglumat berildi. Türkmenistanda şeýle obýektiň döredilmegi milli tebigy mirasy gorap saklamakda, ekosyýahatçylygy ösdürmekde möhüm ädim bolar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda geoseýilgähi döretmegiň we ony ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň geoseýilgählerini döretmek meselesi öwrenilýär. Ýurdumyzda özboluşly geologik obýektler bar. Şunda Garabogaz aýlagynyň günorta-gündogar kenaryndaky kanýonlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mundan başga-da, läbik wulkanlar bolup, olar halkara ähmiýetli geologik miras derejesine eýedir. Bu sebitlerde geoseýilgähleriň döredilmegi diňe bir tebigy baýlyklary goramak bilen çäklenmän, eýsem, ýerli ykdysadyýeti goldamak, täze iş orunlaryny döretmek, ekosyýahatçylygy ösdürmek, sebitiň geologik mirasynyň ähmiýeti barada ilatyň bilimini artdyrmak babatda-da wajyp ähmiýete eýe bolar.
Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde garalan aýratyn mowzuklaryň biri boldy.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


şu gün 19:38
104

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

şu gün 19:26
128

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 20:55
2.6k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......