Raşid Meredow Ugandanyň, Malaýziýanyň we Eswatininiň daşary işler ministrleri bilen gürleşdi

  • 19.10.2025 17:21
  • 2.9k+

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow üç ýurduň daşary işler ministrleri bilen — Ugandanyň daşary işler ministri Jeje Odongo, Malaýziýanyň daşary işler ministri Dato Seri Utama Haji Mohamad bin Haji Hasan we Eswatiniň daşary işler ministri Folile Şakantu bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi.

Söhbetdeşlikleriň esasy mowzugy 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boldy. Mundan başga-da, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we halkara düzümleriniň çäginde özara hereketleriň utgaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ugandanyň daşary işler ministri bilen bolan söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem BMG-niň çäginde hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Eswatininiň daşary işler ministri bilen geçirilen gepleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Eswatiniň Patyşasynyň arasynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde bolan duşuşyklara seredildi. Taraplar bu duşuşyklaryň özara düşünmäni we ynamy pugtalandyrandygyny belläp, hyzmatdaşlygy BMG-niň çäginde dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Malaýziýanyň daşary işler ministri bilen geçirilen gepleşikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki döwrüň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy, şeýle hem sebitleýin we halkara guramalarynyň çäginde hereketleriň utgaşdyrylmagyny maslahatlaşdylar.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......