Raşid Meredow Türkmenistanda diplomatik işini tamamlaýan Kataryň ilçisi bilen duşuşdy

  • 10.10.2025 18:04
  • 3k+

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşdy.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ilçi Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň aýratyn ornuny bellemek bilen, onuň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegine pudagara derejesinde görülýän taýýarlyk işleri hem agzaldy.
Diplomatlar iki ýurduň hem medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen tarapy ilçä türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi we onuň geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......