13k+

Germaniýada arheologlar ýaşy 125 000 ýyl bolan gadymy ýag “fabrikasyny” tapdy

Arheologlar Germaniýadaky Noýmark-Nord diýen ýerde 172 haýwanyň – atlaryň, sugunlaryň we öküzleriň 2000-den gowrak süňk bölegini tapdy. Süňkler döwlüp, ýag almak üçin gaýnadylypdyr. Bu 125 müň ýyl ozal neandertallar tarapyndan ýagyň işlenmeginiň subutnamasydyr diýlip, Science Advances žurnalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar...

2k+

ESA köp gezeklik we köpugurly Space Rider kosmos gämisini üstünlikli synady

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) köp gezeklik Space Rider kosmos enjamynyň paraşýut ulgamynyň synaglaryny üstünlikli geçirdi. Synaglar italýan harbylarynyň gatnaşmagynda we taslamanyň baş potratçysy bolan Thales Alenia Space kompaniýasynyň inženerleriniň ýolbaşçylygynda Sardiniýada geçirildi...

14k+

Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy

Hytaýyň Milli immigrasiýa administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda wizasyz 20 milliondan gowrak adam gelip gördi – bu gelenleriň umumy sanynyň tas üçden biri we bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür...

5.5k+

“Kristal Pelas” eýeçilik meselesi sebäpli Ýewropa ligasyna gatnaşmakdan mahrum edildi

Ýewropa Futbol Assosiasiýalary Bileleşigi (UEFA) Londonyň “Kristal Pelas” klubuny onuň eýeçilik gurluşy bilen bagly bähbitleriň ters gelýändigi sebäpli, Ýewropa ligasyndan Konferensiýalar ligasyna düşürdi. Bu karar amerikaly telekeçi Jon Tekstoryň iňlis toparynda-da, Fransiýanyň “Lion” klubunda-da paýynyň bardygy bilen baglanyşykly kabul edildi...

10k+

Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy...

7.3k+

19-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar...

23k+

Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini çalyşdy

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Maksat Kowusowiç Annanepesow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly...

17k+

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesi girizildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy...

7.6k+

2025-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY: Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär...

8.3k+

Dubaýdan startap gijeki görüşli aragatnaşyk linzalaryny işläp taýýarlamak  üçin 250 million dollar ýygnady

Dubaýda ýerleşýän Xpanceo kompaniýasy A tapgyrda (düýbüni tutuş tapgyryndan soň gelýär) 1,35 milliard dollarlyk diýlip bahalandyrylan işe 250 million dollar toplady.  Bu tapgyra başlangyjy 40 million dollar düýbüni tutuş serişdesi bilen üpjün eden Gonkongyň Opportunity Venture wençura gaznasy ýolbaşçylyk etdi diýip, Bloomberg habar berýär...

2.4k+

EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär. Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy...

2.6k+

Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr. Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär...

10k+

Emeli aňly robot ilkinji gezek hirurg gatnaşmazdan öt haltany aýyrdy

Lukmançylygyň taryhynda ilkinji gezek emeli aň tarapyndan dolandyrylýan robot hirurgiki operasiýanyň çylşyrymly bölegini özbaşdak amala aşyrdy. Bu barada Jons Hopkins uniwersitetiniň synagy geçiren barlagçylaryna salgylanýan Reuters agentligi ýazýar...

3.3k+

Jastin Biber “Swag” albomyny we Skylrk brendiniň ilkinji kolleksiýasyny çykardy

Jastin Biber täze “Swag” albomyny çykardy. Albom aýdymçynyň diskografiýasynda ýedinji boldy. Şol bir wagtyň özünde Biber täze “Skylrk” eşik brendinden ilkinji kolleksiýany hödürledi. Alboma 21 aýdym, şol sanda Druski, Gunna, Sexyy Red, Cash Cobain we beýleki artistler bilen bilelikdäki aýdymlar girdi...