Britaniýalylar 89 ýyldan soň ilkinji gezek “Uimbldonda” erkekleriň jübüt ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 13.07.2025 11:51
  • 3.8k+

Julian Keş we Lloýd Glasspul iki türgenden ybarat toparlaryň arasynda geçirilen “Uimbldonyň” çempionlary bolup, bu kategoriýada Beýik Britaniýa 1936-njy ýyldan bäri ilkinji ýeňşi getirdi. Finalda olar awstraliýaly Rinki Hidzikata bilen gollandly Dawid Peli utdy – 6:2, 7:6 (7:3).

Ýaryşda bäşinji belgi bilen ýerleşdirilen Keş (28 ýaş) we Glasspul (31 ýaş) ozal “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çärýek finalyndan aňry geçmeýärdi. Bu titul olar üçin şeýle derejeli ýaryşlarda karýerada ilkinji boldy.
Doly britaniýaly jübüt “Uimbldonyň” finalynda 1960-njy ýyldan bäri ilkinji gezek oýnady. Erkekleriň jübüt ýaryşynda tituly alan soňky britaniýalylar 1936-njy ýylda ýeňiş gazanan Pet Hýuz we Reýmond Takidi.
Ýeňijiler baýrak hökmünde 680 müň funt sterling alar. 2025-nji ýylyň “Uimbldon” ýaryşynyň umumy baýrak gaznasy 53,55 mln funt sterlinge barabar.
Ýatlap geçsek, 13-nji iýulda erkekleriň arasynda ýekelikdäki ýaryşyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkaras bilen italiýaly Ýannik Sinner duşuşar.


08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....