«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

  • 12.07.2025 12:34
  • 7.3k+

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Degişli resminama 11-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekildi.

Bu medal bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny hem-de halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerine mynasyp goşantlaryny goşan adamlar sylaglanylar.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnama hem-de medalyň Ýazgysy tassyklanyldy.
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly burçlarynyň aralygynda Gün şöhlelerini aňladýan altyn çaýylan dürli uzynlykdaky taýajyklar ýerleşdirilen gyrasyna altyn çaýylan sekizburçluk görnüşinde ýasalan. Sekizburçlugyň ýerligi ýaşyl reňk bilen syrçalanan her burçunda altyn çaýylan milli nagyş ýerleşdirilen. Medalyň umumy diametri 44 mm.
Ýubileý medaly 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylan.


şu gün 07:51
1.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......