Samsung eplenýän üç ekranly smartfonynyň ýylyň ahyryna çenli çykjakdygyny tassyklady

  • 12.07.2025 18:50
  • 3.1k+

Samsung 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde eplenýän üç ekranly smartfony çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada sarp ediş elektronikasy bölümçesiniň başlygy Ro The Mun The Korea Times neşiri bilen söhbetdeşlikde habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, topar gurluşy we onuň ulanyjy aýratynlyklaryny optimizirlemegiň üstünde işjeň işleýär.

“Biz gurluşy kämilleşdirmäge çalyşýarys, ýöne ady heniz tassyklanmadyk. Gutarnykly çözgüt çykaryşa golaý kabul ediler” – diýip, Ro aýtdy.

Smartfonyň üç ekranynyň bolmagy ony ykjam gurluş we planşet ýaly dürli formatda ulanmaga mümkinçilik berer. Tehnologiýa Galaxy Z Fold we Flip modellerinden soň, kompaniýanyň çeýe displeýleri ösdürmekde nobatdaky ädimi bolar. Üç ekranly gurluş baradaky habar Samsung-yň bu eplenýän smartfonlarynyň täze hatary anons edilenden soň ertesi gün peýda boldy.
Android Authority-nyň maglumatlaryna görä, Samsung-yň içindäki ady getirilmeýän çeşme gurluşyň eýýäm köpçülikleýin önümçilige taýýardygyny aýtdy. Bu relize taýýarlygyň ahyrky tapgyrydygyny görkezýär.
Modeliň tanyşdyryljak senesi we tehniki aýratynlyklary barada entek maglumat ýok. 


11.04.2026 14:59
7.9k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...