Germaniýada arheologlar ýaşy 125 000 ýyl bolan gadymy ýag “fabrikasyny” tapdy

  • 12.07.2025 19:24
  • 13k+

Arheologlar Germaniýadaky Noýmark-Nord diýen ýerde 172 haýwanyň – atlaryň, sugunlaryň we öküzleriň 2000-den gowrak süňk bölegini tapdy. Süňkler döwlüp, ýag almak üçin gaýnadylypdyr. Bu 125 müň ýyl ozal neandertallar tarapyndan ýagyň işlenmeginiň subutnamasydyr diýlip, Science Advances žurnalynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.

Ylmy gözlegçiler ýagyň neandertallar üçin möhüm energiýa çeşmesi bolandygyny, çünki onuň beloklardan we uglewodlardan iki esse kaloriýalydygyny belleýär. Adam organizmi günde 300 gram belogy özleşdirip bilýär. Bu açyş neandertallar tarapyndan ýag almak işiniň düşünilip ýerine ýetirilendigini görkezýär. Şeýle-de, bu 28 müň ýyldan uly döwürde ýagyň şeýle uly gerimde alynmagynyň ilkinji subutnamasydyr.
Ýag işlemek prosesi süňkleri ýygnamagy, olary döwmegi we suwda gaýnatmagy hem-de ýüzüne çykan ýagy almagy öz içine alýar. Şeýle usul başarnyklary, wagty we meýilleşdirmegi talap edipdir. Tapyndy neandertallaryň has çylşyrymly durmuş ýörelgesine ukyplylygynyň, iýmit ätiýaçlygyny edinmek we resurslary dolandyrmak başarnygynyň nobatdaky subutnamasydyr.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......