“Muzeýdäki gije” komediýasy täze wakalar we gahrymanlar bilen täzeden düşüriler

  • 11.07.2025 19:19
  • 6.1k+

20th Century studiýasy meşhur “Muzeýdäki gije” (Ночь в музее) franşizasyny täzeden başlamagyň üstünde işleýär. Täze komediýanyň çykjak senesi heniz belli däl diýip, Variety ýazýar.

Sýužet hem gizlin saklanýar, ýöne wakanyň gije eksponatlaryň janlanýan şol bir muzeýinde bolup geçjekdigi belli. Wakanyň merkezinde täze gahrymanlar bolar. Filmiň prodýuseri hökmünde franşizanyň öňki bölümleriniň we “Dedpul we Rosomaha” filminiň režissýory Şon Lewi çykyş eder.
Ben Stilleriň gatnaşmagyndaky birinji “Muzeýdäki gije” filmi 2006-njy ýylda çykdy we 110 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 570 mln dollardan gowrak girdeji gazandy. Filmiň üstünligi 2009-njy we 2014-nji ýyllarda onuň iki dowamynyň düşürilmegine getirdi.


şu gün 09:56
1.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.4k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......