Ilon Mask ylmy açyşlara ukyply Grok 4 neýroulgamyny hödürledi

  • 11.07.2025 19:15
  • 2.6k+

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy Grok 4 neýroulgamyny hödürledi. Işläp düzüjileriň nygtamagyna görä, ol öňki wersiýadan on esse kuwwatlydyr.

Täze model çylşyrymly meseleleri çözmäge ukyply bolup, PhD derejesinden (ylymlar kandidaty derejesine barabar) ýokary bilim derejesini görkezýär. Mask onuň, hususan-da, fizika ugrunda ylmy açyşlary etmäge ukyplydygyny aýdýar.
Last Human Exam (“Adamzadyň soňky synagy”) testinde Grok 44,4% gazandy. Ulgam gönüden-göni brauzerde kosmos jisimleriniň çaknyşmagyny modelirläp, şeýle-de, Polymarket platformasyndan alnan maglumatlary seljerip we sport wakalarynyň netijelerini çaklap bilýär.
Mundan başga-da, Grok 4 işi özbaşdak dolandyrmaga ukyply – kompaniýanyň maglumatlaryna görä, netijelilik adamyň dolandyryşyndan alty esse ýokarydyr.
Neýroulgamda tebigy sözleýşi döredýän, pyşyrdap, gygyryp we aýdym düzüp bilýän Eve ses moduly ulanylýar. Şeýle-de, Grok-yň programmistler üçin koding işine ýöriteleşdirilen ýörite wersiýasy taýýarlanýar.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......