Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

  • 12.07.2025 16:44
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy.

Döwlet Baştutany ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara maslahatyň geçirilýändigi bilen bagly ähli ýolbaşçylaryň guramaçylyk işlerine hem gatnaşjakdyklaryny aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olaryň ählisiniň 13-nji iýulda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisine gatnaşjakdygyny aýtdy. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly soraglara serediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek boýunça kabul edilen Karardan ugur alyp, her kimiň jogapkär ugry boýunça degişli işleri alyp barmalydygyny nygtady.


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......