Hytaý wizasyz düzgünini 75 ýurda çenli artdyrdy

  • 12.07.2025 19:18
  • 14k+

Hytaýyň Milli immigrasiýa administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda ýurda wizasyz 20 milliondan gowrak adam gelip gördi – bu gelenleriň umumy sanynyň tas üçden biri we bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür. Hytaý häkimiýetleri syýahatçylygy ösdürmek, ykdysadyýeti güýçlendirmek we ýumşak güýji ösdürmek tagallalarynyň çäklerinde wizasyz düzgüni yzygiderli giňeldýär diýip, AP habar berýär.

16-njy iýuldan Azerbaýjany hem goşmak bilen, raýatlary Hytaýa wizasyz baryp bilýän döwletleriň sany 75-e ýeter. Bu ýurtlaryň üçden iki bölegi programma bir ýyl möhlet bilen synag esasynda gatnaşýar.
COVID-19 pandemiýasy döwründe girizilen berk çäklendirmeler ýatyrylandan soň, Hytaý 2023-nji ýylyň başynda daşary ýurt syýahatçylary üçin serhetlerini gaýtadan açdy. Şol wagt ýurda 13,8 mln adam bardy – bu 2019-njy ýyldaky 31,9 mln bilen deňeşdirilende, iki esse azdyr.
2023-nji ýylyň dekabrynda Hytaý Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Niderlandlaryň, Ispaniýanyň we Malaýziýanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizdi. Netijede sanawa Ýewropanyň ähli ýurtlary diýen ýaly, Latyn Amerikasynyň bäş döwleti, Özbegistan, soňra Ýakyn Gündogaryň dört ýurdy goşuldy.
Syýahatçylyk akymynyň esasy bölegi henizem Hytaýyň raýatlaryndan ybarat bolsa-da, syýahatçylyk kompaniýalary we ýolbeletler tomus möwsüminde daşary ýurt myhmanlarynyň sanynyň artmagyna garaşýar.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......