Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy

  • 12.07.2025 19:12
  • 3.6k+

2025-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ilkinji gezek Gün stansiýalarynyň kömegi bilen has köp elektrik energiýasyny öndürdi. Bu barada Ember analitiki kompaniýasyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

Maglumatlara görä, Gün panelleriniň ulanylmagy bilen ÝB-de öndürilen elektrik energiýasynyň paýy 22,1% boldy. Ikinji orunda ýel stansiýalary – 21,8%, üçünji orunda atom elektrostansiýalary – 15,8% ýerleşdi. Bir ýyl ozal iýun aýynda Gün stansiýalarynyň paýy 18,9% bolupdy.
Şol bir wagtyň özünde, kömür arkaly öndürilen elektrik energiýasynyň paýy taryhy iň pes derejä çenli azaldy diýip, analitikler belleýär.
Aprel aýynda Bloomberg agentligi Ýewropada klimat üýtgemeleri sebäpli tomsuň has uzak we yssy bolýandygyny, munuň hem elektrik energiýasy üçin bahalaryň peselmegine, şol sanda otrisatel görkezijilere getirip biljekdigini habar berdi.
Neşir energiýanyň köplügi we islegiň peselmegi sebäpli 2025-nji ýylyň martynda bahalaryň noldan aşak gaçandygyny belledi. Mundan başga-da, 1-nji aprelde Fransiýada ammarlaryň ýetmezçiligi sebäpli bir megawatt-sagadyň bahasy minus 413 ýewro çenli aşak düşdi.
Ozal Fransiýanyň häkimiýetleri 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Günüň kömegi bilen öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,8 gigawatt artdyrmak meýilnamalary barada aýtdy. 


23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

17.06.2026 11:27
2.4k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......