Emirates awiakompaniýasynyň biletlerini bitkoin töläp satyn alyp bolar

  • 12.07.2025 19:34
  • 8.1k+

Emirates awiakompaniýasy (BAE) kriptowalýuta töleglerini girizmek barada Crypto.com kriptobiržasy bilen şertnama baglaşdy. Bu barada awiakompaniýanyň ýolbaşçysy şeýh Ahmed bin Said Al Maktum sosial ulgamlarda habar berdi. Şertnama 2026-njy ýylda güýje girer we ýolagçylar biletleri hem beýleki hyzmatlary kriptowalýutanyň kömegi bilen töläp biler.

Bu hyzmatdaşlyga Dubai Duty Free kompaniýasy hem goşuldy. Hyzmatdaşlar sanly töleg serişdelerini syýahatçylar üçin ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Emirates-iň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, kriptowalýuta arkaly töleg biletleri bron etmekden başlap, dükanlardaky söwda çenli ähli tapgyrlarda elýeterli bolar.
Täze ulgamyň tölegleri aňsatlaşdyryp, sanly pul serişdelerini işjeň ulanýan müşderileri çekmegine garaşylýar. Emirates we Crypto.com kriptowalýutalary kabul etmek üçin ygtybarly ulgamy döredip, dürli sanly walýutalary teklip eder we hyzmatlary ösdürmek üçin marketing kampaniýalaryny geçirer.
Bilermenler şeýle başlangyçlaryň awiasiýa pudagynda trend boljakdygyny çaklaýar.
Emirates-iň bitkoinleri kabul edip başlamak meýilnamalary barada üç ýyl mundan ozal belli boldy. Şol wagt awiakompaniýa öz saýtynda NFT görnüşinde kolleksiýa predmetlerini hem satmakçydygyny aýtdy.


düýn 16:40
2.3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
8.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......