ESA köp gezeklik we köpugurly Space Rider kosmos gämisini üstünlikli synady

  • 12.07.2025 19:19
  • 2k+

Ýewropanyň kosmos agentligi (ESA) köp gezeklik Space Rider kosmos enjamynyň paraşýut ulgamynyň synaglaryny üstünlikli geçirdi. Synaglar italýan harbylarynyň gatnaşmagynda we taslamanyň baş potratçysy bolan Thales Alenia Space kompaniýasynyň inženerleriniň ýolbaşçylygynda Sardiniýada geçirildi.

Maket 2,5 km çenli belentlikden dikuçardan zyňyldy we onuň näderejede takyk gonýandygy, paraşýutlaryň açylyşy we paraplanyň kömegi bilen aşak nähili düşýändigi barlandy. Asuda gonuş 150 m çenli takyklyk bilen mümkin boldy – bu paraplanda awtonom gonuş üçin iň gowy netijedir. Modeliň ortaça dik tizligi 4 m/s boldy, Ýere gonuş 2 m/s tizlikde bolup geçdi.
Space Rider orbitada ylmy tejribeleri geçirmekden başlap, ýük çykarmaga çenli dürli işleri ýetine ýetirmek üçin niýetlenendir. Ol üç aýa çenli uçuşda bolup, täze nesil paraşýut ulgamynyň kömegi bilen Ýere dolanyp bilýär. Gonuş üçin ilki korpus bilen tormoz berme, soňra paraşýut we esasy paraplan ulanylýar.


Kosmosa uçuşdan öň ýene iki tapgyr ýerüsti synaglar meýilleşdirilýär. Olaryň dowamynda ýokary temperatura we agdyk güýç şertlerinde peýdaly ýüküň doly saklanmagyna aýratyn üns berler.
Enjam çalt taýýarlyk üçin niýetlenendir – her missiýanyň aralygynda bary-ýogy alty aý töweregi tehniki hyzmat gerek bolar.


şu gün 14:38
728

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....