Jeýn Birkine degişli bolan Hermès ýantorbasy rekord 10 mln dollara satyldy

  • 12.07.2025 19:16
  • 4.9k+

Asly Britaniýadan bolan fransiýaly aýdymçy we aktrisa Jeýn Birkine degişli bolan ilkinji Hermès Birkin ýantorbasy Sotheby’s auksionynda komissiýa tölegleri bilen birlikde rekord 10 mln dollara (8,6 mln ýewro) satyldy.

Söwdada ýeňiji Ýaponiýadan bir kolleksioner boldy.
Bellenilişi ýaly, ýantorba 1985-nji ýylda aktrisa üçin ýörite bir nusgada döredildi. Giňden ýaýran maglumatlara görä, Birkin Hermès-iň başlygy Žan-Lui Dýuma bilen bir uçara münüp, oňa ýeterlik derejede sygymly zenan torbalarynyň ýokdugyndan zeýrenipdir. Şonda Dýuma göni uçaryň bortunda torbanyň eskizini çekipdir.  
Soňra käbir üýtgeşmeler bilen torba modeli köpçülikleýin önümçilige goýberildi.


Auksionda satylan torba häzire çenli söwda çykarylan iň gymmat ýantorba boldy. Ozal rekord krokodil derisinden taýýarlanyp, göwher bilen bezelen Hermès Kelly torbasyna degişlidi ($513 müň).
Mundan başga-da, Birkin ýantorbasy köpçülikleýin auksionlarda satylan moda pudagy bilen bagly ikinji iň gymmat predmet boldy diýip, People belleýär. Birinji orny 1939-njy ýylyň “Oz ýurdunyň jadygöýi” filminden gyzyl köwüş eýeleýär. 2024-nji ýylda bu köwüş ABŞ-daky auksionda 32,5 mln dollara satyldy.

şu gün 22:13
21

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:11
21

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......