6:0, 6:0 – “Uimbldonda” zenanlaryň finaly 1911-nji ýyldan bäri ilkinji gezek gury ýeňliş bilen tamamlandy

  • 13.07.2025 11:55
  • 5.9k+

Polşaly tennisçi Iga Swýontek “Uimbldonyň” zenanlaryň arasyndaky finalynyň taryhynda iň uly ýeňişleriň birini gazandy. Dünýäniň dördünji raketkasy ýaryşda amerikaly Amanda Anisimowany (№ 12 WTA) 6:0, 6:0 hasabynda utdy.

Oýun bary-ýogy 57 minut dowam etdi.
Bu soňky 114 ýylda zenanlar finalynyň ilkinji gezek 6:0, 6:0 hasabynda tamamlanmagy boldy. Soňky gezek şeýle netije 1911-nji ýylda hasaba alyndy: şonda Doroteýa Lambert-Çambers şeýle hasap bilen Dora Butbini utdy.
Swýontek üçin bu karýerasynda ilkinji “Uimbldon” tituly boldy. Ozal ol dört gezek “Rolan Garrosda” (2020, 2022, 2023, 2024) we bir gezek “US Open-de” (2022) ýeňiş gazandy.
“Uimbldon” 13-nji iýulda tamamlanar. Erkekleriň finalynda titul üçin ispaniýaly Karlos Alkaras bilen italiýaly Ýannik Sinner göreşer.
Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 53,55 mln funt sterlinge barabar.


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......