EA Microsoft-a 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga kömek etdi

  • 11.07.2025 19:22
  • 2.4k+

Emeli aň Microsoft korporasiýasyna soňky bir ýylda koll-merkezleriniň işinde 500 mln dollardan gowrak tygşytlamaga mümkinçilik berdi diýip, Bloomberg habar berýär.

Bu barada maglumaty Microsoft-yň baş täjirçilik müdiri Jadson Oltoff aýtdy. Ol EA gurallarynyň satuwdan we müşderilere hyzmat etmekden başlap, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamaga çenli ähli ugurlarda netijeliligi ýokarlandyrýandygyny belledi. EA diňe bir çykdajylary azaltmaga mümkinçilik bermän, eýsem işgärleriň we müşderileriň kanagatlylyk derejesini-de artdyrdy.
Bellenilişi ýaly, Copilot her bir satuw menejerine has köp müşderi tapmaga, şertnamalary çalt baglaşmaga we girdejini 9% ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Şeýle-de, Microsoft kiçi we orta kompaniýalara kömek etmek üçin EA-dan peýdalanyp başlady – bu başlangyç heniz irki tapgyrda, ýöne eýýäm onlarça million dollar getirýär diýip, Oltoff aýdýar.
Ol täze önümler üçin koduň 35%-iniň EA tarapyndan döredilýändigini, munuň bolsa çözgütleri durmuşa geçirmegi çaltlaşdyrýandygyny belledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, GitHub Copilot-yň 15 mln ulanyjysy bolup, ol EA programmirleme bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýär.
Bloomberg uly IT kompaniýalarynyň indi EA-nyň kömegi bilen ozal adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýän işleri awtomatizirläp başlandygyny belleýär. Mysal üçin, Salesforce-da içki işleriň 30%-ini eýýäm EA ýerine ýetirýär, bu hem işgär almagy azaltmaga mümkinçilik berýär. Alphabet Inc. we Meta Platforms Inc.-iň ýolbaşçylary koduň esli böleginiň indi EA-nyň kömegi bilen döredilýändigini habar berdi.
Belläp geçsek, EA-nyň ösmegi netijesinde Microsoft ýylyň başyndan bäri 15 müň töweregi işgäri işden çykardy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......