Gizadaky Sfinksiň aşagynda 1200 m çenli çuňlukda ýerasty gurluşlaryň yzlary tapyldy

  • 12.07.2025 19:23
  • 9.5k+

Müsüri öwrenmek bilen meşgullanýan italiýaly alymlaryň topary Giza belentliginiň aşagynda ýerasty desgalaryň yzlarynyň tapylandygyny habar berdi. Daily Mail-iň ylmy gözlege gatnaşyjylara salgylanyp ýazmagyna görä, alymlar, esasan, Uly Sfinks heýkeliniň töwereklerine ünsi jemledi.

Alym Armando Meýiň aýtmagyna görä, skanirleme iki sany gönüburçly otaga eltýän aýlawly basgançakly dik şahtany ýüze çykardy. Olaryň biri ýeriň aşagynda 600 metrden gowrak, beýlekisi bolsa 1200 metrden gowrak çuňlukda ýerleşýär.
Stratklaýd uniwersitetinden Filippo Biondi alnan maglumatlaryň Müsür dinastiýasy döwründen öň peýda bolan desgalaryň bardygy baradaky çaklama gabat gelýändigini belledi. Armando Meý Giza belentliginiň, takmynan, b.e. öň 36 400-nji ýylda döredilip bilendigi baradaky pikiri öňe sürdi.
Gazuw-agtaryş işleri mart aýynda başlady. Taslamanyň maksady has gadymy siwilizasiýanyň bolandygy baradaky nazaryýeti barlamakdan ybarat.
Aprel aýynda tanymal müsürli arheolog Zahi Hawass gözleg toparyny tankyda sezewar edip, Meýi awantýurist diýip atlandyrdy.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

28.05.2026 18:03
7k+

Adamzadyň taryhynda iň uly kürekli gämi Gadymy Müsürde gurlupdyr

Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda Gadymy Müsürde Tessarakontera gämisi guruldy, ol şu güne çenli taryhdaky “gara güýç” bilen işledilýän iň uly gämi hasaplanýar....