YouTube EA tarapyndan döredilen kontentiň üsti bilen gazanç etmegi çäklendirer

  • 11.07.2025 19:17
  • 2.2k+

15-nji iýuldan YouTube emeli aňyň kömegi bilen döredilýän kontentden girdeji gazanmak mümkinçiligini çäklendirmek üçin hyzmatdaşlyk programmasynyň düzgünlerini täzelär. Bu barada kompaniýanyň resminamalaryna salgylanyp, TechCrunch neşiri ýazýar.

Platforma YouTube Partner Program-yň düzgünlerine aýdyňlaşdyrma girizip, haýsy kontentiň girdeji gazanmak (monetizasiýa) üçin laýykdygyny, haýsynyň däldigini düşündirmek isleýär. YouTube-yň habar merkeziniň resminamasynda programma gatnaşyjylaryň özboluşly we hakyky materiallary ýerleşdirmelidigi görkezilýär. Täzelenen düzgünler haýsy wideolaryň “hakyky däl” hasaplanýandygyny anyk kesgitlär.
YouTube-yň redaksion syýasat we awtorlar bilen işlemek boýunça ýolbaşçysy Rene Ritçiniň aýtmagyna görä, üýtgeşmeler täze çäklendirmeleri girizmeýär-de, diňe häzirki düzgünleri anyklaşdyrýar. Ol başga wideolardan kesilip ýasalan kontentiň we başga wideolara reaksiýalaryň öňden bäri monetizasiýa degişli däldigini, çünki ulanyjylaryň olary, köplenç, spam hökmünde kabul edýändigini belledi.
Generatiw EA gurallarynyň ösmegi köpçülikleýin wideo önümçiligini aňsatlaşdyrdy, bu hem pes hilli kontentleriň köpelmegine getirdi. Ulanyjylar sintezirlenen sesler, awtomatik aýdym-saz we feýk wakalar bilen wideolary, şol sanda ýörgünli wakalar barada galp wideolary döredýär.
YouTube şeýle materiallary monetizasiýa programmasyndan aýyrmak we platforma bolan gyzyklanmany goramak üçin has aç-açan düzgünleri kesgitlemäge çalyşýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......