“Uimbldonyň” finalynda Alkaras bilen Sinner oýnar. Jokowiç soňky 8 ýylda ilkinji gezek finala çykmady

  • 12.07.2025 12:17
  • 2.8k+

Ispaniýaly Karlos Alkaras bilen italiýaly Ýannik Sinner “Uimbldonyň” finalynda duşuşar. Ozal “Rolan Garrosyň” hem aýgytly oýnunda şeýle bolupdy. Alkaras üçin bu ýaryşyň yzygider üçünji finaly, Sinner üçin bolsa “Uimbldonyň” otly kortunda karýerasynda ilkinji bolar.

“Uimbldonyň” häzirki çempiony Alkaras ýarym finalda amerikaly Teýlor Frisi 6:4, 5:7, 6:3, 7:6 (8:6) hasabynda utdy. Oýun 2 sagat 49 minut dowam etdi we 32 gradusa çenli temperaturada geçdi. Oýun tomaşaçylaryň ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy sebäpli ençeme gezek kesildi. Alkaras yssy howa we garşydaşynyň güýçli urgularyna garşy durup, ýaryşda durnukly oýny görkezmegi başardy.
Dünýäniň birinji raketkasy Sinner ýarym final duşuşygynda “Uimbldonyň” ýedi gezek çempiony Nowak Jokowiçi 6:3, 6:3, 6:4 hasabynda utdy. Italiýaly üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň yzygider dördünji finaly bolar.
Jokowiç bolsa 2017-nji ýyldan bäri ilkinji gezek “Uimbldonyň” finalyna çykyp bilmedi. Şeýle-de, ol Flawio Kobolli bilen geçenki oýunda alan şikesinden soň oňaýsyzlyk duýdy. Sinner hem dördünji tapgyrda ýykylandan soň, tirsegi daňyly çykyş edýär.
Alkaras yzygider 24 ýeňiş gazanyp gelýär. 13-nji iýulda Londonda geçiriljek final Sinner üçin ýakynda Pariždäki ýeňliş üçin Alkarasdan rewanş almaga pursat bolar. Şeýle-de bolsa, tennisçi öz garşydaşyna hormat bilen garaýar.

“Meniň üçin Karlos bilen ýene oýnamak uly mertebe. Biz biri-birimize kämilleşmäge kömek edýäris, ol – meniň kumirlerimiň biri” – diýip, Sinner aýtdy.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......