Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar...