Tramp ABŞ-da TikTok-yň petiklenmeginiň möhletini 4-nji gezek yza süýşürdi

  • 17.09.2025 16:01
  • 4.7k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp TikTok üçin hukuklary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan täze eýesine geçirmegiň möhletini dördünji gezek uzaltdy. Eger ylalaşyk gazanylmasa, programma ABŞ-da petiklenip bilner diýip, The New York Times habar berýär.

15-nji sentýabrda ABŞ bilen Hytaý TikTok-yň amerikan tarapynyň gözegçiligine geçmegi barada çarçuwaly ylalaşygyň gazanylandygyny aýtdy. “Biziň ony [TikTok] satyn almak isleýän örän uly kompaniýalar toparymyz bar” – diýip, Tramp ertesi gün habar berdi. Ol 19-njy sentýabrda “ähli zady tassyklamak” üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşik geçirmegi meýilleşdirýändigini belledi.
Şertnama barada giňişleýin maglumat ýok. Ýöne KHBS hytaý tarapynyň amerikan hünärmenlerine TikTok-yň teklipleriniň esasy algoritmlerini göçürmek we çalyşmak mümkinçiligini bermäge razy bolandygyny habar berýär.
The Wall Street Journal-yň we Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, hyzmatyň ABŞ-da işlemegi üçin täze holding kompaniýasy dörediler. Maýadarlar konsersiumynyň düzümine Oracle, Andreessen Horowitz we Silver Lake maýa goýum kompaniýasy girer. Olar TikTok-yň amerikan bölümçesiniň 80%-ini gözegçilikde saklar, galan bölegi ByteDance-da galar. Müdirler geňeşiniň düzümi hem, esasan, amerikan maýadarlaryndan ybarat bolar, agzalaryň birini bolsa gönüden-göni ABŞ-nyň hökümeti bellär.  


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

16.06.2026 12:54
5.1k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......