Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda täze Bagtly zamana obasynyň açylyşy bolýar

  • 17.09.2025 16:31
  • 6.6k+

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylyş dabarasy geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara gutlag iberdi.

"Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn" diýlip, gutlagda bellenilýär.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň Bagtly zamana obasynda gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, 640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, söwda merkezi, geňeşligiň edara binasy häzirki wagtda gülläp ösýän türkmen döwletiniň şu günki we ýakyn geljekdäki ýüzlerçe obadyr şäherleriniň nusgalyk keşbidir.

Döwlet Baştutany Bagtly zamana obasynyň geňeşligiň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, oba ýaşaýjylarynyň medeni-durmuş derejesiniň we hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigini nygtady. "Obanyň gurluşygynyň giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan türkmen gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn guwandyryjydyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......