ABŞ daşary ýurtlular üçin işçi wizasyny almaga 100 müň dollar möçberinde töleg girizdi

  • 21.09.2025 17:19
  • 15k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp daşary ýurtly ýokary hünärli hünärmenleri işe almaga mümkinçilik berýän H-1B wiza programmasyna täzeden seretmek barada buýruga gol çekdi. Bu programma, aýratyn-da, tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda uly islegden peýdalanýar diýip, Reuters we Bloomberg habar berýärler.

Indiden soň programma gatnaşmak üçin arza tabşyrylanda 100 müň dollar tölemeli bolar. Bu töleg bolmasa, H-1B wiza arkaly ABŞ-nyň çägine girmek mümkin bolmaz. Şu wagta çenli umumy ýygymlar takmynan 1500 dollara barabardy. Täze töleg öňkülere goşmaça bolup girizilýär.
Reuters-iň maglumatyna görä, üýtgeşmeler esasan tehnologiýa pudagyna täsir eder. Amerikanyň kompaniýalary bu programmanyň çäginde Hindistandan we Hytaýdan köp sany ýokary hünärli işgärleri özüne çekýär. Microsoft, JPMorgan we Amazon ýaly iri kompaniýalar eýýäm H-1B wizasy bilen işleýän işgärlerine ABŞ-dan çykmazlygy maslahat berdiler, daşary ýurtda bolýan işgärlerine bolsa 21-nji sentýabrda düzgün güýje girmezden öň yzyna dolanmagy maslahat berdiler.
Şol bir wagtda Tramp ýene bir buýruga hem gol çekdi. Olaryň biri Trump Gold Card («Trampyň Altyn karty»), beýlekisi Trump Platinum Card («Trampyň Platina karty») diýlip atlandyrylýar. Birinjisi bir million dollar tölän ýagdaýynda çaltlandyrylan tertipde ýaşaýyş ygtyýarnamasyny (Ýaşaýyş rugsady) berýär. Ikinjisi bäş million dollar üçin ýaşaýyş ygtyýarnamasyny berýär, ýöne şol bir wagtda onuň eýeleri ABŞ-dan daşary alnan girdejilerine salgyt tölemekden boşadylýar.
Hökümet H-1B programmasyndaky özgertmeleri bu wizalary ulanmakdaky hyýanatçylyklar we amerikan işgärleriniň iş bazaryndan çykarylmagy bilen düşündirýär. Karar eýýäm Trampyň prezidentlik kampaniýasyna işjeň goldaw beren tehnologiýa pudagynda giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.
Bu özgertme Trampyň administrasiýasynyň migrasiýa syýasatyny has-da berkidýän nobatdaky ädimi boldy. Mundan ozal ABŞ, beýleki çäreleriň arasynda, syýahatçylyk we okuw wizalarynyň berliş düzgünlerini hem berkidipdi. Şeýle hem “grin-kart” lotereýasyna gatnaşmak üçin ýygymlary girizmäge taýýarlanylýar.


23.06.2026 19:20
6.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

19.06.2026 19:47
1.2k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......