ABŞ Green Card lotereýasyna tabşyrýanlaryň her birinden 1 dollardan alyp başlar

  • 18.09.2025 11:09
  • 12k+

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ABŞ-da ýaşamak üçin ýaşaýyş ýeriniň görnüşine (Green Card / Diversity Immigrant Visa) eýe bolmak boýunça lotereýa gatnaşmak üçin $1 möçberinde hasaba alyş tölegini girizdi. Töleg arza tabşyrylanda hökümetiň ygtyýarly töleg portaly arkaly onlaýn görnüşde alynýar.

Täze düzgün 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabryndan güýje girdi we ABŞ-nyň Federal registrinde çap edilenden soň 30 günüň dowamynda güýje giriziler. Mundan ozal lotereýada hasaba durmak mugt bolupdy. Ýeňijiler öňküsi ýaly wiza üçin ýüz tutanda $330 konsullyk tölegini tölemeli bolýarlar.
Döwlet departamenti bu tölegiň lotereýanyň iş çykdajylaryny ýeňilleşdirjekdigini, galp arzalaryň sanyny azaldjakdygyny we ähli gatnaşyjylar üçin has adalatly ýagdaý döretjekdigini belleýär. Iş çykdajylaryna ulgamlaryň täzelenmegi, maglumatlaryň saklanylmagy, ýeňijileri tötänleýin saýlap almak hem-de howpsuzlyk barlaglary girýär.
Edaranyň baha bermegine görä, täze çäreler ýylda takmynan $25 million girdeji getirip biler, ýöne gatnaşyjylaryň sany biraz azalyp biler.
DV-2027 lotereýasynyň hasaba alşyň resmi senesi entek yglan edilmedi. Geçen ýyllarda arzalar oktýabr–noýabr aýlarynda kabul edilýärdi. Her ýyl Döwlet departamenti takmynan 55 müň wiza berýär. Kentukki Konsullyk merkeziniň maglumatlaryna görä, DV-2025 lotereýasynyň netijesinde dünýä boýunça takmynan 131 müň dalaşgär (arzaçylar, olaryň ýanýoldaşlary we çagalary) Green Card üçin ýüz tutmaga mümkinçilik gazandy.


25.06.2026 23:36
5.6k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......