Türkmenistan we Russiýa halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça geňeşmeleri geçirdi

  • 17.09.2025 17:21
  • 4.6k+

16-njy sentýabrda Moskwa şäherinde halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça türkmen-rus Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, geňeşmeleriň gün tertibi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine aldy. Ugurdaş global hem-de sebit meýdançalarynda ýurtlaryň çemeleşmelerini utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Emeli aň meselesine aýratyn üns berildi.
Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň DIM-iň Diplomatik akademiýasynda geçirilen «Döwletiň, işewürligiň we raýat jemgyýetiniň halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekdäki hyzmatdaşlygy» atly XIX halkara forumynyň işine gatnaşdy.
Forum umumy mejlis we dört sany mowzuklaýyn bölümçe görnüşinde geçirilýär. Çäräniň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky möhüm meseleler barada pikir alyşýarlar we tejribeleri bilen paýlaşýarlar.
Forum öz işini 18-nji sentýabra çenli dowam eder.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....