Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady

  • 18.09.2025 13:22
  • 5.1k+

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady.

Iki günläp dowam etjek forumyň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Daşary işler ministrligi «Turkmen Congress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Foruma gatnaşyjylara iberen gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.

"Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Daşary ýurtly maýadarlaryň, işewürleriň, halkara maliýe-bank düzümleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, telekeçileriň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmekden ugur alnyp geçirilýän bu çäre durmuşyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüş hem-de täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri, sanly üpjünçilik ulgamy, sanly innowasion tehnologiýalar bilen baglanyşykly meseleler babatda özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem çärä gatnaşyjylaryň Diýarymyzyň innowasion tehnologiýalar pudagynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmagyna, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, öndürilýän önümleriň hilini halkara derejä ýetirmäge giň şertleri döreder.
Foruma gatnaşýan myhmanlar häzirki döwürde Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, senagat-innowasion ösüşi, önümçilik ulgamyna ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanşarlar.
"Nebit-gaz" gazetiniň elektron neşiriniň habar bermegine görä, foruma gatnaşmak üçin 45 ýurtdan 500-den gowrak wekil hasaba alyndy. Halkara bilermenleriniň 100-den gowragynyň çykyşlary meýilleşdirilýär.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......