Türkmenistan sebitleýin taslamanyň çäginde weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini berkidýär

  • 19.09.2025 15:13
  • 4.4k+

16-njy sentýabrda Aşgabatda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk" - azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyñ öňüni almak” atly sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Bütindünýä bankynyň Oba hojalygy boýunça baş ykdysatçysy Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Döwlet weterinariýa gullugynyň adyndan duşuşyga Halkara we ylmy aragatnaşyklar bölüminiň başlygy Arslan Soltanmyradow gatnaşdy we çykyş etdi.
Geçirilen işjeň pikir alyşmalaryň barşynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, taslamanyň çäginde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen möhüm wezipeler hem-de çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini has-da berkitmek, epidemiologik gözegçilik ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem ýokanç we zoonoz keselleriniň öňüni almak we olary netijeli dolandyrmak boýunça öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Halkara bilermeni bilen geçirilen söhbetdeşlikde çykyş eden Arslan Soltanmyradow döwletimiziň azyk howpsuzlygynyň möhüm bölegi hökmünde weterinariýa ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň doly derejede düşünilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleriň ýurdumyzyň oba hojalyk, azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, ministrler we pudak edaralaryñ arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini güýçlendirmäge we dürli howplara garşy ygtybarly mehanizmleri döretmäge hyzmat etjekdigi bellenildi.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....