2024-nji ýylda Türkmenistanyň ykdysadyýetine 12,1 mlrd dollardan gowrak maýa goýuldy

  • 21.09.2025 21:00
  • 5.2k+

2024-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ykdysadyýetine gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 12,1 milliard dollardan geçdi. Bu bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 9% köpdür diýip, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow Awazada geçirilen TIF 2025 forumynda habar berdi.

Onuň aýtmagyna görä, geçen ýylda daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy umumy möçberden 11,6%-e ýetdi we 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,4% artdy. Jemi daşary ýurt maýa goýumlary 5 milliard manada golaý boldy we 25% ösüş gazandy.
Ministr maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna hereket edýän fiskal syýasatyň ýardam edýändigini belledi. Salgyt ulgamynda ileri tutulýan pudaklar üçin uly ýeňillikler göz öňünde tutulýar, ýurtdaky salgyt agramy bolsa soňky 20 ýylyň dowamynda durnukly bolup galýar.
Türkmenistanyň maýa goýumlary üçin iň ileri tutulýan ugurlary nebitgaz pudagy, nebit-gazhimiýa, energetika, gurluşyk we senagat toplumy bolmagynda galýar.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

düýn 12:22
2.2k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

düýn 12:11
10k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 18:11
5.5k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......