Merkezi Aziýa we Ýaponiýa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar

  • 16.09.2025 20:29
  • 2.3k+

16-njy sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň başlyklyk etmeginde «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň ministrler derejesindäki ikinji ykdysadyýet we energetika Dialogy geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, agzalan çäre Merkezi Aziýa döwletleriniň ýangyç-energetika pudagynyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary wideoaragatnaşyk arkaly we şahsy gatnaşdylar.


Çäräniň dowamynda «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» formatynyň çäklerinde energetika babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýangyç-energetika pudagynda uglerod bitaraplygyny, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.
Dialoga gatnaşyjylar sebitde uglerod bitaraplygyny gazanmak maksady bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamalary işläp düzmek, olary goldamak we bu babatda sebit ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada ylalaşdylar.


şu gün 18:57
352

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
950

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
977

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.8k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......