Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygyny gözden geçirdi
26-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde gurluşygy batly depginde dowam edýän Arkadag şäheriniň metjidini synlady. Häzirki döwürde metjidiň gurluşygyna ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan köp sanly adamlar haýyr-sahawat serişdelerini gönükdirip, sogap işe goşant goşýarlar...