«Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginde Ahal welaýatyndan Alparslan Ýusubow we Jumamyrat Sapargylyjow wekilçilik eder

  • 21.07.2025 18:03
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi. Welaýat merkezindäki medeniýet öýüniň giň dabaralar meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan bäsleşige höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň 10-sy gatnaşdy.

Bäsleşik Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Ahal welaýat häkimliginiň guramagynda geçirildi.
Emin agzalary gelen netijesine laýyklykda, «Ýaňlan, Diýarym! — 2025» telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyrynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy, harby gullukçy Alparslan Ýusubow, Tejen etrabynyň Göniamaşa obasynyň ýaşaýjysy, çeper höwesjeň Jumamyrat Sapargylyjow ýeňiji bolup, döwlet derejesindäki jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.9k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......