Hytaýyň täze ilçisi Szi Şumin Türkmenistana geldi

  • 21.07.2025 18:21
  • 5.4k+

19-nji iýulda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin maşgalasy bilen bilelikde Aşgabada geldi.

Aşgabadyň halkara howa menzilinde ilçini Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri we HHR-iň ilçihanasynyň işgärleri garşyladylar.
Szi Şumin Hytaýyň Türkmenistandaky diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenmegini uly hormat hökmünde görýändigini aýtdy. Ol iki ýurduň arasynda giň gerimli strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede saklanyp galýandygyny we hyzmatdaşlygyň yzygiderli çuňlaşýandygyny belledi. Ilçi döwlet ýolbaşçylarynyň ylalaşyklaryny ýerine ýetirmek, amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, ynsanperwer alyş-çalyşlary giňeltmek we hytaý-türkmen gatnaşyklaryny berkitmek üçin türkmen tarapynyň ähli pudaklary bilen işleşmäge taýýardygyny nygtady.
Türkmen tarapy onuň işini doly goldamaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etmäge taýýardygyny tassyklady.
Szi Şumin 1972-nji ýylyň maý aýynda doguldy. Türkmenistana bellenmezinden ozal, ol HHR-iň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa we Aziýa departamentiniň direktoratynyň orunbasary we Hytaýyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçisi bolup işledi.


şu gün 17:31
626

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.1k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....