Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk boýunça teklipleri makullady

  • 26.07.2025 11:29
  • 2.6k+

25-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň çäginde öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlaryny mundan beýläk-de iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleri hödürledi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu gurama bilen özara gatnaşyklaryň halkara hukuk binýadyny berkitmegiň çäklerinde Türkmenistan ÝUNESKO-nyň jemi 15 sany halkara hukuk resminamasyna goşuldy.
Hususan-da, döwlet Baştutanynyň garamagyna şu ýylyň güýzünde Samarkant şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 43-nji mejlisine ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça institutynyň arasynda gol çekilen “Ýol kartasynyň”
çäklerinde Türkmenistanda şu ýylyň awgustynda 5 ugur boýunça utgaşykly görnüşde halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şolaryň hatarynda:

  • sanly bilim we emeli aň;
  • Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň ähmiýeti;
  • emeli aňy milli bilim we ylym ulgamyna ornaşdyrmakda halkara tejribeler;
  • sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalary arkaly bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak;
  • milli hünärmenleriň hünär ukyplaryny ýokarlandyrmakda emeli aň tehnologiýalarynyň ähmiýeti ýaly ugurlar bar.

Şunuň bilen baglylykda, maslahaty guramak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň jogapkär edip kesgitlenilmegi teklip edilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNESKO-nyň arasynda baglaşylan Çarçuwaly ylalaşyk boýunça döredilen maksatlaýyn gaznanyň çäklerinde birnäçe taslamalary bu gaznanyň hasabyna maliýeleşdirmek teklip edilýär. Şolaryň arasynda «Biziň mirasymyz»; «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»; Türkmenistanda geoseýilgähi döretmek; gadymy Amul galasynyň goragyny berkitmek ýaly taslamalar bar.
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 23:05
992

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
830

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......