Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi 68 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

  • 24.07.2025 14:36
  • 5.8k+

Şu gün, 24-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada özbek Lideriniň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlap, oňa berk saglyk, abadançylyk, uly üstünlikler, şeýle hem Özbegistanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Taraplar dostluk, goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu ýylyň aprelinde Samarkantda geçirilen ýokary derejeli duşuşykda gazanylan ylalaşyklarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösmegi, kärhanalaryň we işewür toparlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagy, şeýle hem medeni-ynsanperwer alyş-çalyşlaryň işjeňleşmegi kanagatlanma bilen bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça geçiriljek nobatdaky maslahatyna we Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Geňeşine taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.


09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......